TMT Consulting Group

TÄZELIKLER

Türkmenistandaky soňky wakalary yzarlaň.
Awaza belent mertebeli myhmanlary garşylaýar
05.08.2025
Awaza belent mertebeli myhmanlary garşylaýar

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin goňşy ýurtlaryň Liderleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Munuň özi halkara foruma uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Bu maslahat täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyna öwrüler. Ählumumy meseleleriň ençemesini öz içine alýan iri forum dünýä bileleşiginiň bu waka uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.



Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili dürli ýurtlardan uçarlary yzly-yzyna kabul edýär. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.



Foruma gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň düzümi giň möçberli halkara çäräniň taryhy ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Belent mertebeli myhmanlar deňiz ýakasyndaky şäheriň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanylýar. Maslahata gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlary mukaddes toprakda türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Foruma gatnaşýanlaryň pikirine görä, onda kabul ediljek çözgütler dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir eder.



Halkara maslahata gatnaşyjylara ýokary hilli hyzmatlar hödürlenilýär, şeýle-de olar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Bu bolsa myhmanlarda türkmen topragy barada ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.



 



Maglumat çeşmesi: https://turkmenistan.gov.tm/tk/post/97424/avaza-vstrechaet-vysokih-gostej

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум