TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýoly kämilleşdirilýär
24.02.2026
Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýoly kämilleşdirilýär

20-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň transport ulgamyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer B. Annamämedow, Aşgabat şäheri bilen Daşoguz welaýaty baglaýan esasy awtomobil ýolunyň hem-de täze köpriniň gurulmagy boýunça meýilnamalary tanyşdyrdy.



Häzirki wagtda täze ugur üçin halkara tender taýýarlanylýar, ýol-ulag gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ýük, awtoulag we ýolagçy gatnawlaryny kämilleşdirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksat edinilýär.



Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow awtomobil ýolunyň strategik ähmiýetini belläp, öňe sürlen teklipleri tassyklady hem-de degişli işleriň geçirilmegini wise-premýere tabşyrdy.



Çeşme: www.turkmenportal.com