TMT Consulting Group

BLOG

Tejribe, pikirler we möhüm täzelikler bilen paýlaşýarys.
Bloga dolan
08.10.2026
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we TMT Consulting Group Şanhaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirer

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy TMT Consulting Group-yň goldawy bilen 2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirer. Forum 9-njy Hytaý halkara import sergisiniň (CIIE) çäginde geçiriler.

Bu başlangyç Türkmenistanyň we Hytaýyň wekilleriniň arasynda täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we bilelikdäki taslamalary taýýarlamak maksadyna gönükdirilendir.

Forumyň maksatnamasynyň çäginde gatnaşyjylara tematik sessiýalar, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça tanyşdyryşlar, işewür duşuşyklar we gepleşikler üç görnüşde hödürlener:

* G2G — döwlet edaralarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk;
* B2G — işewürleriň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary;
* B2B — kompaniýalaryň we telekeçileriň arasynda göni gepleşikler;
* Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ofislerine we önümçilik meýdançalaryna baryp görmek.

Kimler gatnaşyp biler?

Forumda işewür gatnaşyklary ösdürmäge, hyzmatdaşlary gözlemäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň hem-de işewürler jemgyýetiniň wekilleri gatnaşmaga çagyrylýar.

Aýratyn-da, aşakdaky pudaklaryň wekillerine üns berler:

* ikitaraplaýyn söwda we daşary ykdysady iş;
* senagat we senagat kooperasiýasy;
* oba hojalygy we gaýtadan işlemek;
* döwrebap tehnologiýalar we sanlylaşdyrma;
* ulag we logistika;
* üstaşyr geçiriş mümkinçilikleri;
* ynsanperwer hyzmatdaşlyk.

Arza nädip bermeli?

Çärä gatnaşmak üçin deslapky hasaba alyşdan geçmek zerurdyr.

Gatnaşmak we hasaba alyş boýunça maglumat üçin:

Telefon: +993 12 75 36 44 / 48; +993 64 04 27 51

E-mail: ogulbagt.hydyrova@tmt.tm