Ähli tenderler
20.09.25

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Sarahs demirýol gözegçilik-geçiriş nokadynyň durkuny tazelemek boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Sarahs demir ýol menzilindäki Sarahs demirýol gözegçilik-geçiriş nokadynyň durkuny tazelemek boýunça No.ЖД-001 belgili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • lot üçin 700 manat  möçberde (şonuň içinde 91,30 manat - GBüS) tölegi tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: Tenderde diňe Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan Türkmenistanyň rezidentleri gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edarasynda 0925-nji otagda (9-njy gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 39-04-20

+993 12 39-06-28

Faks:

+99312 39-06-20

 Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 162