Ähli tenderler
09.11.25

“Demirýollary” AGPJ çelekli wagonlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öndüriji zawodlaryň arasynda nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenen çelekli wagonlary satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-051 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • lot üçin 200 amerikan dollary möçberde (şol sanda 26,086 amerikan dollary - GBS) tölegi tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär;

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 305-nji otagda (3-nji gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri şu bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 12 38-36-00

+993 12 38-34-78

+993 12 38-31-04

Faks:

+993 12 38-31-03

 Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7