Ähli tenderler
14.08.25
"Türkmenhimiýa" DK ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan Mary welaýatynyň Mary etrabynda ammiak selitrasyny öndürýän zawodynyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly.
Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 20 (ýigrimi) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 39-01-62
(+99312) 39-01-58
Faks:
(+99312) 39-01-72
Elektron salgysy:
contact@turkmenhimiya.gov.tm
12dep@turkmenhimiya.gov.tm
Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132