Ähli tenderler
03.11.25

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän bag meýdanynda bag ekmek we damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça isleg bildirýän taraplar üçin bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary we bildirilýän tehniki talaby almak üçin Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankyna ýüz tutup bilerler.

Teklipler şu bildirişiň “Rysgal” gazetinde çap edilen gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjada kabul edilýär.

Telefon belgileri:

(+99312) 93-68-10

(+99312) 93-66-47

 Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 111/2-nji jaý