Ähli tenderler
05.09.25

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky baş binasynyň töweregini abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky baş binasynyň we banka degişli bolan ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregindäki asfaltyň, ýanýodalara düşelen beton örtükleriniň, jähek daşlarynyň (bardýur) ýagdaýyny täzelemek işlerini geçirmek boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar degişli maglumatlary her gün sagat 09:30-dan 17:00-a çenli aşakda görkezilen salgydan alyp bilerler.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 40-62-54

+993 12 40-65-42

 Aşgabat ş, Garaşsyzlyk şaýoly, 32