Mary welaýatynyň häkimligi köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boyunça bäsleşik yglan edýär
Mary welaýatynyň häkimligi raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Mary şäheriniň Güneş şäherçesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky “Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda” 13792-nji Kararyna laýyklykda uzak möhletli bank karz serişdeleriň hasabyna gurulmagy meýilleşdirilýän 14 sany 7 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:
- gatnaşyjy doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
- soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
- edara-kärhananyň maddy we tehniki binýady barada maglumat;
- ýerli hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
8 (522) 6-06-21
Faks:
8 (522) 6-33-60
Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 41-nji jaýy