Ähli tenderler
02.09.25

Daşoguz welaýatynyň häkimligi gipohlorit natriý ergini bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýatynyň ilatyny agyz suwy bilen kadaly üpjün etmek maksady bilen, welaýat häkimliginiň “Daşoguz şäher agyz suw” müdirliginiň Daşoguz agyz suw zawodyny gipohlorit natriý ergini bilen üpjün etmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini we Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnanlygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • hödürlenýän baha teklipleri;
  • degişli resminamalar.

Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabryna, sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Telefon belgisi:

(+993 322) 9-03-02

Faks belgisi:

(+993 322) 9-03-14

 Daşoguz şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolynyň 10/1-nji jaýy