Ähli tenderler
02.09.25

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy gaz kondensatyny ýerlemek boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamasyny yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” şertnama meýdanynda öndürilýän, ýylda azyndan 60 müň tonna möçberdäki gaz kondensatyny ýerlemek üçin CNPCIT-2026SC1 belgili halkara bäsleşigiň deslapky saýlamasyny yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen maglumatlary we resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • kompaniýanyň ýolbaşçysynyň goly bilen Tendere gatnaşmak üçin resmi arza;
  • kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri we kompaniýanyň işewürligi barada gysgaça maglumat bermeli;
  • kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy, ygtyýarlandyrylan wekile resminamalary tabşyrmak we kabul etmek üçin kompaniýanyň ynanç haty
  • kompaniýanyň bu ugurda iş tejribesi we ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat bermeli;
  • kompaniýanyň soňky 3 ýylda (2022, 2023, 2024) gaz kondensatyny ýa-da şoňa meňzeş nebit önümlerini ýerlemekde tejribesini tassyklaýan resminamalar:
    • nebiti gaýtadan işleýän zawod bilen şertnama
    • logistika kompaniýalary bilen baglaşylan şertnama ýa-da ýük haty
    • önümleri saklamaga niýetlenen ammarlaryň bardygyny görkezýän resminama
    • eltilen ýerler we möçberler baradaky maglumat
  • soňky 3 ýylyň (2022, 2023, 2024) maliýe hasabatlary;
  • ahyrky sarp edijiler, esasan-da NGIZ bilen iş gatnaşyklary barada maglumat
  • ýerli kompaniýalar üçin – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agzalygy tassyklaýan şahadatnama.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, wekiliň goly we möhüri bilen tassyklanan iki ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir. Bukjalaryň gapdalyndan ugrukdyrjy haty hem goşmalydyr.

Arzalar bildiriş köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Elekron poçtadan iberilen we bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Tender resminamalary aşakdaky salgy boýunça tabşyrylmalydyr.

Jogapkär hünärmen: Gylyjow Çaryýar

Telefon belgileri:

+993-12 44-54-19

+993-12 44-53-06

Faks:

+993-12 44-55-51

 Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, 3-nji gat, 310-njy otag