Ähli tenderler
03.10.25

Balkan welaýat häkimligi zibilhanada sürüm-tekizleýiş işlerini geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi Balkan welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Balkanabat şäher jemagat hojalygy müdirligine degişli Balkanabat şäheriniň ulanyşy togtadylan zibilhanasynda sürüm-tekizleýiş işlerini geçirmek üçin ýerli gurluşyk kärhanalaryndan potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden talap edilýän resminamalar:

  • Gatnaşyjy tarapyndan doly ady görkezilen bäsleşige gatnaşmak baradaky ýazmaça arza;
  • Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • Hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşigiň teklipleri 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.

 Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy