Ähli tenderler
03.10.25
Balkan welaýat häkimligi Etrek etrabyndaky zibilhanany düýpli abatlamak boýunça bäsleşik yglan edýär
Balkan welaýat häkimligi Balkan welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Etrek etrap jemagat hojalygy müdirligine degişli Etrek etrabynyň zibilhanasynyň düýpli abatlamak işlerini geçirmek üçin ýerli gurluşyk kärhanalaryndan potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden talap edilýän resminamalar:
- Gatnaşyjy tarapyndan doly ady görkezilen bäsleşige gatnaşmak baradaky ýazmaça arza;
- Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
- Hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.
Bäsleşigiň teklipleri 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.
Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy