Ähli tenderler
03.10.25

Balkan welaýat häkimligi zibilhanada ýer gazuw işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi Balkan welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň Bereket etrap jemagat hojalygy müdirligine degişli Bereket etrabynyň täze zibilhanasynda ýer gazuw işlerini ýerine ýetirmek üçin ýerli gurluşyk kärhanalaryndan potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden talap edilýän resminamalar:

  • Gatnaşyjy tarapyndan doly ady görkezilen bäsleşige gatnaşmak baradaky ýazmaça arza;
  • Edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • Hususy kärhanalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşigiň teklipleri 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.

 Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy