
Özbegistanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geler
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi Metbugat gullugy habar berýär.
Şawkat Mirziýoýew iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda, “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” üçtaraplaýyn sammitine gatnaşar. Sammit “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, ulag, energetika hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça pikir alyşarlar. Sammitiň ahyrynda birnäçe resminamanyň gol çekilmegine garaşylýar.
Mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidenti forumyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.
Şawkat Mirziýoýew 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösýüp barýan ýurtlar boýunçaüçünji maslahatyna hem gatnaşdy.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan