
UKEF bilen Türkmenistan täze söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Britaniýanyň Eksport Maliýe Goldaw Agentligi (“UK Export Finance”, UKEF) Türkmenistanda möhüm ministrliklerdir pudaklaýyn edaralar bilen birnäçe duşuşyk geçirip, söwda-ykdysady we maýa goýumlary pudagynda täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Britaniýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Britaniýanyň wekiliýeti energetika, infrastruktura, oba hojalyk we ekologiki üýtgeşmeler ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenip, Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryny goldamak üçin Britaniýanyň hökümeti tarapyndan kepillendirilen maliýe goldawynyň ulanylmagyna aýratyn üns berdi.
Sapar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan çäreleriň çäginde amala aşyryldy.
Iki ýurduň wekilleri bu duşuşyklaryň Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine, giňelmegine we hoşniýetli gatnaşyklaryň gurulmagyna ýol açjakdygyna umyt bildirdiler.
Bu UKEF-iň Türkmenistana ilkinji resmi saparydyr.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan