“Türkmennebit” we “Dragon Oil” Hazar deňziniň türkmen böleginde hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

“Türkmennebit” we “Dragon Oil” Hazar deňziniň türkmen böleginde hyzmatdaşlygy ösdürmekçi

07.11.25

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow we “Dragon Oil” kompaniýasynyň baş direktory Abdulkarim Al Maazmi 4-nji noýabrda Abu-Dabi şäherinde geçirilýän ADIPEC-2025 halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň pawilýonynda duşuşyk geçirdiler. Taraplar Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de onuň mundan beýläk ösdürilmeginiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge we oňyn gepleşikleri dowam etmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasy habar berýär.

Şeýle hem, 3-nji noýabrda “Dragon Oil” kompaniýasynyň ADIPEC sergisindäki pawilýonynda ENOC hem-de “Dragon Oil” kompaniýalarynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda häzirki hyzmatdaşlygyň meseleleri, Al Tayeriň Türkmenistana eden soňky saparynyň netijeleri hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kompaniýanyň sergidäki diwarlygy Türkmenistanyň we “Dragon Oil” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, nebit-gaz pudagyndaky uzak möhletleýin we netijeli aýdyň beýany boldy.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan