
“Türkmennebit” PETRONAS bilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda "Türkmennebit" Döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow Aşgabada Türkmenistanyň Halkara energetika sergisine, işewür gepleşikleriň birnäçesine gatnaşmak üçin gelen Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi.
Wekiliýetiň düzümine wise-prezidentiň orunbasary Jukris Abd Wahab, kompaniýanyň wise-prezidenti Mohd Redhani bin Abdul Rahman, PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasynyň baş direktory Ismaidi bin Ismail, strategiýa we söwda işleri boýunça direktory Azahari Mohd Şud, şeýle hem kompaniýanyň wekili Albert Mehtiýew girdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebitgaz pudagynda bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýyny we durmuşa geçirilişiniň geljegini, şol sanda uglewodorodlary çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we maýa goýumlary giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow PETRONAS kompaniýasy bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi we Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşine gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ynam bildirdi.
2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halkara energetika sergisiniň öň ýanynda "Schlumberger Logelco Inc." kompaniýasynyň wekilleriniň "Türkmengaz" Döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen iş duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, döwrebap tehnologiýalary ulanmak we Türkmenistanyň çäginde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Nebit hyzmatlary ulgamynda dünýä liderleriniň biri bolan "Schlumberger" kompaniýasy burawlaýyş we geofiziki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze tehnologiki çözgütlerini hödürledi.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan