
Raşid Meredow YHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň Fizuli şäherine bardy. Wise-premýer 3–4-nji iýulda Hankendi şäherinde geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň XVII sammitine gatnaşar. Bu barada penşenbe güni APA agentligi habar berdi.
“Ygtybarly we howa şertlerine durnukly geljek üçin YHG-niň täze garaýyşy” sammitiň esasy temasy bolup durýar. Maslahatlaryň dowamynda agza döwletleriň wekilleri gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda sebit döwletleri tarapyndan görülýän howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça çäreler boýunça pikir alyşarlar.
1985-nji ýylda esaslandyrylan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna 10 döwlet, ýagny Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan agza bolup durýar. Guramanyň esasy ugurlary — söwdany, transporty, energetikany we syýahatçylygy ösdürmekden ybaratdyr. Guramanyň baş edarasy Eýranyň paýtagty Tähranda ýerleşýär.
YHG-niň XVI sammiti 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistanyň paýtagty Taşkentde geçirilipdi.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan