
Türkmenistanyň Maliýe ministri halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewrokomissar bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow “Global Gateway 2025” forumynyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Josef Sikela bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar forumyň esasy plenar mejlisiniň dowamynda, şeýle hem Josef Sikelanyň ýolbaşçylygynda gatnaşyjy döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylary üçin gurnalan işlik agşam naharynda söhbetdeşlik geçirdiler.
Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem-de meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy 2026-njy ýylda ilkinji gezek “ Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” işewürlik forumyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, Ýewrokomissary bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar şeýle hem iki ýylda bir gezek geçirilýän “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ykdysady forumy barada pikir alyşdylar. Bu ýylky forum Özbegistanda geçiriler, 2027-nji ýylda bolsa onuň indiki tapgyry Türkmenistanda guralar. Türkmen tarapy ýurduň halkara forumlary we konferensiýalary ýokary derejede guramaga mümkinçilikleriniň bardygyny we Türkmenistanyň halkara gepleşikleriniň möhüm merkezine öwrülip barýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Ýewrokomissary Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäre dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň we halkara guramalarynyň wekillerini jemläp, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmäge möhüm goşant bolar.
Josef Sikela öz gezeginde şu ýylda Türkmenistana eden saparyny mähir bilen ýatlaýandygyny, Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşygy aýratyn belläp geçdi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşlikde taraplar Ýewropa Bileleşiginiň guramalarynyň we halkara maliýe institutlarynyň Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçip, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara gyzyklanmany tassyklady.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan