Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri

Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri

30.09.25

2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri» atly giň gerimli işewürlik çäräniň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar.

Bu çäre Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogarlyk komitetiniň we Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygynyň goldawy bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Türkmen maslahatçylar topary” hojalyk jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyrylýar.

Iki günlük meýilnamanyň çäginde Türkmenistanyň hem-de çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýän ýurdyň işewürlik we döwlet edaralarynyň wekillerini, şeýle-de gyzyklanma bildirýän giň gerimli bilermenler toparyny özünde jemlär.

Ösen tehnologiýalar we innowasiýa çözgütleri bilen tapawutlanýan Germaniýa bilen, senagat kuwwatyny işjeň ösdürýän we maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmenistan, strategik ähmiýete eýe bolan aşakdaky ugurlarda özara hyzmatdaşlygy has-da berkidmegi maksat edinýär: maliýe we bank hyzmatlary, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda, ulag we aragatnaşyk, nebit-gaz we nebit himiýa senagaty, oba hojalygy, dokma we ýeňil senagaty.

Forum milli ykdysady mümkinçilikleri beýan etmek, geljegi uly taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin amaly meýdança hökmünde hyzmat eder. Bilelikdäki başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açyp, innowasiýalaryň durmuşa geçirilmegine we öňdebaryjy tejribäni alyş-çalşygyna aýratyn ähmiýet berler.

Çäräniň guramaçylary ähli işewür hyzmatdaşlary, maýadarlary we hünärmenleri Germaniýadaky Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerine işjeň gatnaşmaga, üstünlikli hyzmatdaşlyk ugrunda berk binýady döretmäge we täze mümkinçilikleri amala aşyrmaga çagyrýarlar. 

Habarlaşmak üçin:

Resmi web-sahypalar:

https://cci.gov.tm/

https://tmt.tm/tk/

Telefon belgileri:

+993 12 75 36 48
+993 61 56 72 99

+993 61 77 60 88 – Kemal Kutlyýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklary bölüminiň başlygynyň orunbasary

Elektron poçta salgysy:

ted2025@tmt.tm

kemalkutlyyev1@gmail.com

leyli.ccitm@gmail.com