Türkmenistan Aziýa–Ýuwaş umman sebiti boýunça söwda düzgünlerini ýönekeýleşdirmekçi
Türkmenistanda Aziýa–Ýuwaş umman sebitinde serhetara söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň çäklerinde pudagara iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew habar berdi. Şeýle gurluşlaryň degişli Ylalaşyga goşulan beýleki döwletlerde üstünlikli hereket edýändigi bellenildi.
Dörediljek iş topary sebit we halkara hyzmatdaşlar bilen utgaşykly hyzmatdaşlygy berkitmäge, administratiw päsgelçilikleri azaltmaga hem-de daşary söwda amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu başlangyjy goldap, onuň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekdäki ähmiýetini aýratyn nygtady we degişli edaralara işleriň amaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.
Çeşme: www.tdh.gov.tm
