
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalary döwrebaplaşdyrylar
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow "Türkmennebit" döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň tehnologik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik ulgamlary yzygiderli kämilleşdirilýär, olar öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi kärhanalaryň has-da netijeli işlemegini, öndürilýän önümleriň, hususan-da, benziniň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň degişli desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Maglumat çemesi: Business Turkmenistan