Türkmenistanda Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanda Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär

19.01.26

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady. Degişli mesele Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Mämmethan Çakyýew tarapyndan beýan edildi. Taslama ýurduň ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde amala aşyrylar.

Bu demir ýol magistraly ýurduň sebitlerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýan möhüm ugruň biri bolup, «Lapis Lazuli», TRACECA, «Demirgazyk – Günorta» hem-de «Gündogar – Günbatar» halkara ulag geçelgelerine birleşmegi üpjün edýär. Döwlet Baştutany tranzit mümkinçiliklerini artdyrmagyň möhüm ähmiýetini belläp, taslamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Çeşme: www.orient.tm