Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistan Hytaýyň Milli Energetika Dolandyryş Edarasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

09.09.25

2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow Pekinde Hytaýyň Energetika Milli Dolandyryş Edarasynyň (NEA) başlygy Wan Hunçži bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar nebitgaz we onuň bilen bagly pudaklarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada NEA habar berýär.

Wan Hunçži döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygyny belläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk esasy orun eýeleýändigini aýtdy.

Hytaý tarapy energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny nygtady. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Batyr Amanow bolsa, bu ugurda toplanan tejribäniň we üstünlikli taslamalaryň ähmiýetini nygtap, gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşyga NEA-nyň başlygynyň orunbasary Žen Szindun, Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Szi Şumin, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew hem-de degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Gepleşikler Türkmenistanyň Prezidentiniň ŞHG sammitine we Ikinji Jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

NEA Hytaýyň energetika strategiýasyny taýýarlamak, energetika syýasatyny durmuşa geçirmek we kömür, elektrik energetikasy, nebit-gaz hem-de atom energetikasy ýaly ugurlarda kadalaşdyryjy işlerini alyp barýar.

 

Maglumat çemesi: Business Turkmenistan