
Türkmenistan “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” ministrler dialogyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 16-njy sentýabrda Tokioda geçirilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energitika Dialogyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýangyç-energetika pudagynda uglerod bitaraplygyny gazanmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary işläp düzmek, olary goldamak we bu babatda sebit ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
“Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogy 2004-nji ýyldan başlap, Ýaponýanyň Türkmenistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Bu dialog ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, tejribe alyşmaga we bilelikdäki taslamalara ýardam edýär.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan