Türkmenistan Merkezi Aziýa — ABŞ işewürlik forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa — ABŞ işewürlik forumyna gatnaşdy

10.02.26

Türkmenistan 2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Bişkek şäherinde geçirilen B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekillerini sebit ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen bir ýere jemledi.

Forum döwlet edaralarynyň wekillerini, işewürleri, halkara kompaniýalary, maliýe institutlaryny hem-de bilermenler jemgyýetiniň agzalaryny birleşdirip, işewürlik we maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak, oba hojalygyny, ulag we logistika ulgamyny ösdürmek, maliýe hyzmatlaryny, elektron söwdany, IT pudagyny ilerletmek hem-de strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gönükdirildi. Çäre Halkara Hususy Telekeçilik Merkezi (CIPE) tarapyndan Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti bilen hyzmatdaşlykda guraldy we sebitde döwlet hem-de hususy pudaklaryň arasynda dialogy ösdürmäge gönükdirilen uzak möhletleýin platforma hökmünde kemala gelýär.

Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde geçiriljek hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumy maýa goýujylary, telekeçileri hem-de halkara hyzmatdaşlary birleşdirýän, maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga we amaly işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çäre hökmünde geçiriler.

IFT 2026 forumyna gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy häzirki wagtda dowam edýär. Bu bolsa gatnaşyjylara öňünden gatnaşygyny tassyklamaga, maýa goýum taslamalaryny hödürlemäge hem-de mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen işewür duşuşyklary guramaga şert döredýär.

Çeşme: www.business.com.tm