Ýanwar–awgust: Türkmenistan, Gazagystan BTJ-den 2,8 mln tonna nebit geçirdi
Ýanwar–awgust aýlarynda Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi turba geçirijisi boýunça jemi 18,3 million tonna nebit akdyryldy. Şol görkezijiň 2,8 million tonnasyny Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň geçirýän tranzit nebiti emele getirdi.
Hasabat döwründe BTJ turba geçirijisi arkaly Türkmenistan bilen Gazagystandan geçirilen nebitiň möçberi, umumy akymyň 15,7%-ni düzdi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentligi (AZERTAC) anna güni habar berdi.
Azerbaýjandan akdyrylan nebitiň möçberi bolsa 15,4 million tonna deň bolup, bu umumy akymyň 84,3%-ne barabar boldy.
Baku–Tbilisi–Jeyhan (BTJ) nebit turba geçirijisi — uzynlygy 1 müň 768 kilometr bolan möhüm energetika desgasydyr. Ol Hazar deňzinden çykarylýan çig nebiti Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan başlap, Gruziýanyň üsti bilen Türkiýäniň Ortaýer deňzindäki Jeýhan portuna ýetirýär.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan
