
Türkmenistan we Italiýa ýokary derejeli saparlara taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow çarşenbe güni Rimde Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk boýunça ministriniň orunbasary Edmondo Çirielli bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar duşuşykda ýetip gelýän ýokary derejeli saparlaryň guramaçylyk meselelerine we gün tertibine aýratyn üns berdiler.
Ministriň orunbasarynyň sosial ulgamlardaky sahypasynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda energiýa ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we iki ýurduň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Edmondo Çirielli bu duşuşygyň 2025-nji ýylyň maý aýynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen ilkinji “Merkezi Aziýa — Italiýa” sammitinde başlanan hyzmatdaşlygyň dowamydygyny aýratyn belläp geçdi.
Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 33 million ýewro barabar boldy. Şol döwürde Italiýanyň Türkmenistana eksporty 32 million ýewro, importy bolsa 1,5 million ýewro möçberinde hasaba alyndy.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan