Türkmen-eýran Sarahs serhedinde iki sany täze demirýol geçelgesini gurmak meýilleşdirilýär

Türkmen-eýran Sarahs serhedinde iki sany täze demirýol geçelgesini gurmak meýilleşdirilýär

14.08.25

Türkmenistan bilen Eýran Sarahs serhedinde demirýol ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak üçin iki sany täze demir ýol geçelgesini gurmak meýilleşdirýär. Bu barada Eýranyň Demir ýol edarasynyň ýolbaşçysy Jabbar Ali Zakeri, Türkmenistanyň Demirýol ministri Mammet Akmammedow bilen geçiren duşuşygyndan soň mälim etdi.

Ylalaşyk 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň çäginde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda gazanyldy. Bu barada sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministrligi habar berdi.

Jabbar Ali Zakeri taslamanyň Sarahs beketleriniň arasynda, serhediň iki tarapynda bir standart we bir giň demirýol geçelgelerini gurmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Ol bu geçelgeleriň iki ýurduň ulag baglanyşygyny berkitjekdigini nygtap, taslamany durmuşa geçirmek üçin demirýol hünärmenleriniň duşuşyklarynyň hem gurnaljakdygyny belläp geçdi.

Türkmen-eýran Sarahs serhedindäki geçelge Eýran bilen Merkezi Aziýany, şeýle hem beýleki sebitleri birikdirýän möhüm tranzit nokady bolup, Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine girýär.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan