Türkmenistan Germaniýa ekologik taýdan arassa dokma önümlerini Ýewropa bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlygy teklip edýär Türkmenistan habarlar portaly

Türkmenistan Germaniýa ekologik taýdan arassa dokma önümlerini Ýewropa bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlygy teklip edýär Türkmenistan habarlar portaly

03.11.25

Türkmenistan Germaniýany ekologik taýdan arassa dokma önümlerini Ýewropa bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga çagyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 30-31-nji oktýabrda Frankfurt-na-Maýne şäherinde geçirilýän Germaniýadaky Türkmenistanyň ykdysadyýet günleriniň dowamynda aýtdy.

Wise-premýeriň sözlerine görä, häzirki wagtda ýurduň dokma pudagynda öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 60-a golaý döwrebap kärhana bar we önümleriň 70%-e çenlisi daşary ýurtlara eksport edilýär.

N.Atagulyýew Türkmenistanyň pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýändigini we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de döredilýän önümçiliklerde ýokary tehnologiýaly enjamlary gurnamak üçin nemes maşyngurluşyk kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.


Maglumat çeşmesi: Türkmenistan habarlar portaly