
Türkmenistan Hytaýy bilelikdäki ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy
Türkmenistan hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan — Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Pekin şäherinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belläp, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk we syýasy dialogyň işjeň ösdürilýändigini aýtdy.
Energetika ulgamy, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti hytaýly hyzmatdaşlaryň, hususan-da, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berip, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi.
Häzirki wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady hem-de Türkmenistanyň öz üstaşyr ulag infrastrukturasyny işjeň ösdürýändigini aýdyp, Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklap, birek-birege berk jan saglygyny, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.
Mundan öň Türkmenistanyň we Hytaýyň wekilleri iki ýurduň ulag geçelgelerinden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasyndan Ýewropa çenli Merkezi Aziýa arkaly ýük daşamak üçin täze, bähbitli ugurlary döretmek mümkinçiliginiň öwrenilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan