Türkmenistan we HPG ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de düzümleýin özgertmeleri maslahatlaşdylar

Türkmenistan we HPG ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de düzümleýin özgertmeleri maslahatlaşdylar

29.05.25

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýewiň penşenbe güni Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy Anna Rouz Bordonyň başlyklygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda tehniki kömekleri, maslahat beriş godawlaryny bermek we mümkinçilikleri ösdürmek ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Makroykdysady görkezijileri seljermäge, statistik maglumatlary alyşmaga we Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşine gönükdirilen düzümleýin özgertmeleri ilerletmäge möhüm ähmiýet berildi.

Şeýle hem ählumumy geosyýasy giňişlikde durnuksyzlyk, onuň milli ykdysadyýete ýetirýän täsiri, şol sanda daşarky töwekgelçilikler, söwda mümkinçilikleri we nyrh düzgünleşdirmeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy, iri infrastruktura taslamalary, ykdysady maglumatlary alyşmagyň gurallaryny kämilleşdirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Anna Rouz Bordon makroykdysady durnuklylygy goldamak babatda Türkmenistanyň tagallalaryny nygtap, ýurduň Hökümetiniň yzygiderli geçirýän gepleşikleriniň netijeli häsiýetine oňyn baha berdi.

Duşuşyk daşary ykdysady gatnaşyklary berkitmek, ikitaraplaýyn ylalaşyklary maslahatlaşmak we infrastruktura başlangyçlary ilerletmek meselelerine bagyşlanyldy.

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan