
Türkmenistan we Ýewropa maýa goýum banky taslamalara taýýarlygy güýçlendirmekçi
Türkmenistan bilen Ýewropa Maýa goýum Banky anyk maýa goýum taslamalaryny taýýarlamak we olara degişli hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamalary işläp düzmek babatynda özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine taýýardygyny beýan etdiler. Bu mesele Türkmenistanyň Ýewropa bileşigindäki ilçisi Sapar Palwanow bilen Ýewropa Maýa goýum Bankynyň Aziýa sebitiniň karzlar boýunça baş hünärmeni Dawid Mongussiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berip, hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, uzak möhletleýin özara gatnaşyklaryň durnukly binýadyny döretmäge mümkinçilik berjek çarçuwaly ylalaşyklaryň baglanşylmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi Türkmenistanyň Ýewropanyň öňdebaryjy maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga strategik gyzyklanma bildirýändigini belläp, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, infrastruktura, ýaşyl energetika hem-de sanly çözgütleri ösdürmekde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtady.
Ýewropa Maýa goýum Bankynyň wekilleri gepleşigi çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar we hyzmatdaşlygyň amaly tapgyryna geçmäge gyzyklanma bildirdiler.
Ýewropa Maýa goýum Banky — 1958-nji ýylda döredilýär we onuň baş edarasy Lýuksemburg şäherinde ýerleşip, Ýewropa Bileleşiginiň maliýe guramasy bolup durýar. Bank durnukly ykdysady ösüşe, integrasiýa hem-de infrastruktura ösüşe gönükdirilen taslamalary uzak möhletleýin maliýeleşdirmek arkaly diňe bir Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryny däl, eýsem beýleki daşary ýurtlary hem goldaýar.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan