Frankfurtda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri – ýewropaly maýa moýumlar üçin täze mümkinçilikler
2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabrynda Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Ýewropanyň maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri açýan “Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri” atly giň möçberli forum geçiriler.
17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow ozal çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy we ÝB ýurtlary bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini nygtady.
“Radisson Blu Frankfurt” myhmanhanasynda geçiriljek foruma Germaniýanyň 70-den gowrak öňdebaryjy kompaniýalary we maliýe-senagat birleşikleri, şeýle hem 50-den gowrak türkmen kompaniýalary we strategik taýdan möhüm döwlet edaralary gatnaşar.
Gatnaşyjylara ýurduň esasy ykdysady pudaklarynyň wekilleriniň, şol sanda aşakdakylaryň çykyşlary hödürlener:
• nebitgaz we himiýa senagatyndaky iri möçberli taslamalar;
• oba hojalygyndaky häzirki zaman tehnologiýalar;
• dokma senagatyndaky innowasiýalar;
• Arkadag şäheriniň Medisina Klasteriniň mysalynda saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmek.
Forumyň baş hemaýatkärleri öňdebaryjy türkmen kompaniýasy bolan “Ojar Aziýa” we halkara oba hojalyk tehnikalaryny öndürijileriň arasynda ägirdi bolan “John Deere” çykyş edýärler. Bu bolsa çäräniň çynlakaýlygyny we ýokary derejesini nygtaýar şeýle hem bu strategik taýdan möhüm oýunçylaryň Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine goldaw bermäge taýýardygyny görkezýär.
Germaniýanyň gatnaşyjylarynyň arasynda “Deutsche Bank AG”, “Commerzbank AG”, “KfW IPEX-Bank GmbH”, “Uniper Global Commodities SE”, “Bayer AG”, “Knauf AG”, “BOMAG GmbH”, “CLAAS Global Sales GmbH”, “John Deere International GmbH”, “BASF-Intertrade”, “Merck” we beýlekiler ýaly iri senagat kärhanalary we banklary bar.
Öňdebaryjy pudaklaýyn assosasiýalary işjeň gatnaşarlar – German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti (Ost-Ausschuss der Deutschen Wirtschaft), “German Agribusiness Alliance, Germany Trade & Invest (GTAI)” we Frankfurtyň Ykdysady ösüş agentligi.
Bu çäre “TMT Consulting Group” kompaniýasynyň ýardamy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar. Munuň özi bolsa forum üçin guramaçylyk we aragatnaşyk goldawyny üpjün eder. Ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekmegi öz içine alýan maksatnama eýýäm düzüldi, bu bolsa bar bolan işewür gatnaşyklary berkitmek we täzelerini ýola goýmak üçin hakyky mümkinçilikleri döredýär.
Forumyň maksatnamasy baý many-mazmunly we dürli-dürlidir. Esasy dört mejlisden başga-da, ol aşakdakylary öz içine alýar:
• Maýn boýundaky Frankfurtyň Ykdysady ösüş agentliginde tegelek stol;
• “BASF”kompaniýasynyň merkezi edarasyna we önümçilik toplumyna baryp görmek;
• “Wirtgen Group” kopmaniýasynyň merkezi edarasyna we önümçilik desgalaryna baryp görmek;
• “AKA-Ausfuhrkreditgesellschaft GmbH” (Germaniýa) maliýe guramasynda tegelek stol.
Çäräniň şeýle formaty gatnaşyjylara häzirki zaman tehnologiýalar we öňdebaryjy ýewropa kompaniýalarynyň tejribesi barada amaly düşünje almaga, şeýle hem geljekki bilelikdäki taslamalar üçin gönüden-göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde öňde boljak “Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri” atly forum Türkmenistanyň we Ýewropanyň ykdysadyýetlerini birleşdirjek we üstünlikli, uzak möhletli, özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretjek möhüm göçme halkara çäresi bolar.
Maglumat çeşmesi: Orient
