Türkmen wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

12.06.25

9 — 11-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Foruma Bolgariýa, Slowakiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbaýjan ýaly birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, şeýle hem birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Söhbetdeşligiň başynda N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny Prezident Şawkat Mirziýoýewa ýetirdi.

Türkmen-özbek dostluk, goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşit Hojaýew bilen hem duşuşyk geçirdi.

Maglumat çeşmesi: Turkmenportal