Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bilelikdäki kärhanalary döretmek barada ylalaşdylar

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bilelikdäki kärhanalary döretmek barada ylalaşdylar

25.08.25

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen senagat, söwda-ykdysady, ulag hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda bilelikdäki kärhanalary döretmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar. Bu karar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan anna güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşykda kabul edildi.

Taraplar önümçilik we senagat kooperasiýasyny ösdürmäge üns berdiler hem-de dokma, himiýa, gurluşyk pudaklarynda we beýleki pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar. Liderler işewürlik gatnaşyklary ýola goýmagyň, sergileri we işewürlik forumlary geçirmegiň, şeýle hem ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, multimodal gatnawlary, howa gatnawlaryny we syýahatçylygy ösdürmegiň zerurlygyny tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hususan-da, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi, döwlet edaralarynyň, ylmy merkezleriň, okuw jaýlarynyň, metbugatyň we sungat ussatlarynyň özara hyzmatdaşlygy hem-de saparlaryň guralmagy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň amala aşyrylmagynyň üç ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da berkidjekdigini bellediler.

Üçtaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda ulag, awiasiýa we söwda ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekmek dabarasy geçirildi.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan