Türkmenistanyň çäginden geçýän Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça ýük daşamalaryny giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň çäginden geçýän Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça ýük daşamalaryny giňeltmek maslahatlaşyldy

12.08.25

Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler boýunça Döwlet sekretariatynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň esasy mowzugy — Türkmenistanyň çäginden geçýän Ýewropa–Aziýa ugurlary boýunça halkara ýük daşamalary giňeltmek boldy.

Awstriýa wekiliýeti portuň tehniki enjamlaşdyrylyşy, terminallaryň kuwwatlylygy, multimodal ýük daşamalary we konteýnerleri işlemek ýaly hyzmatlary, deňiz portunyň esasy infrastruktura desgalary hem-de logistika amallary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy penşenbe güni habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda ulag geçelgelerini giňeltmek, logistika ulgamynda özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanlylaşdyrmak we “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ekologiýa taýdan durnukly çözgütlere we durnukly ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijesinde taraplar Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky global söwda-transport zynjyrlaryna goşulyşmagyna ýardam berjek özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenbaşy halkara deňiz porty Hazar sebitindäki iň iri we döwrebap portlaryň biridir. Onuň umumy meýdany 150 gektardan geçýär. Portyň ýyllyk ýük geçirmek ukyby 17 million tonna çenli barýar. Şeýle-de, port ýylda 300 müň ýolagçyny, 75 müň ýük ulagyny hem-de 400 müň TEU konteýneri kabul edip biler. Mundan başga-da, port ýylda 3 million tonna töweregi dökme ýükleri we 4 million tonna umumy ýükleri (nebit önümleri hasaba alynmazdan) daşamaga ukyplydyr.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan