Türkmenistan we german AKA Banky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistan we german AKA Banky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

04.11.25

2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda türkmen wekiliýeti "Aka-Ausfuhrkredit-Gesellschaft GmbH" maliýe guramasynda "tegelek stol" duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmenistan  we Aka-Ausfuhrkredit Gesellschaft (AKA Bank) bilelikdäki taslamalary goldamaga gönükdirilen işjeň işewür gatnaşyklary saklaýarlar. AKA Bankyň wekilleri Germaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda söwda we maliýe hyzmatdaşlygy boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýarlar.

Bu gezekki duşuşykda hem söwda - ykdysady ulgamda we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan  ugurlarynda  geljegi uly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bir-birege iň ýagşy arzuwlaryny beýan edip, hyzmatdaşlygy mundan buýana-da ösdürmäge hemişe taýýardyklaryny bellediler.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan