
Türkmenistan bilen Pakistan energetika hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabat şäherinde Pakistanyň premýer-ministriniň Ýaşlar maksatnamasynyň çäginde daşary ýurtlar bilen aragatnaşyklar, işewürlik we söwda gatnaşyklary boýunça utgaşdyryjy wezipesine bellenen Şaherýar Memon bilen möhüm duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň ilçihananasynda geçirilen duşuşyk söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollaryny gözlemäge bagyşlandy. Ilçi Möwlamow pakistan tarapyna Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny tanyşdyryp, onuň bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady.
Energetika gatnaşyklaryny ösdürmek we sebit integrasiýasy hem-de energetika howpsuzlygy üçin örän möhüm bolan strategik taslamalary durmuşa geçirmek esasy ara alyp maslahatlaşma mowzugyny düzdi. Ilçi TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçirijiniň gurluşygynyň gidişi barada habar berdi.
Türkmenistanyň innowasion üstünliklerine aýratyn üns berildi. Taraplar ekologiýa taýdan durnukly we innowasion Arkadag şäheriniň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşdylar, ol sebitde "akylly" şäher ösüşiniň nusgasy hökmünde görkezilýär.
Energetika we ykdysady hyzmatdaşlykdan başga-da, taraplar medeni we bilim maksatnamalarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň işjeň giňeldilmegi Aşgabat bilen Yslamabadyň arasynda uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin berk mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan