
Türkmenistan we Pakistan YHG sammitinde sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 17-nji sammitiniň çäklerinde Pakistanyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi anna güni habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem iki ýurtda gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamy ýaly sebit taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan