
Kuala Lumpurda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň kompaniýalary söwda hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň binasynda ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen iş duşuşygy geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy bilen Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumy bilelikde gurnady.
Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şol sanda “Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd”, “Marrybrown”, “Julie's Manufacturing Sdn. Bhd”, “Mega Fortris Berhad”, “i-Chem Solution Sdn Bhd” ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny, täze iş mümkinçiliklerini hem-de maýa goýum mümkinçilikleriniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Malaýziýanyň kompaniýalarynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny görkezdi hem-de Türkmenistanyň öz ykdysady gatnaşygyny Günorta-Gündogar Aziýada güýçlendirmäge çalyşýandygyna üns çekildi.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan