Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilelildäki işewürlik forumyny geçirer

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilelildäki işewürlik forumyny geçirer

21.07.25

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, ýapon kompaniýalary maýa goýum, senagat, nebitgaz, logistika, saglygy goraýyş, gurluşyk, bilim hem-de hyzmatlar ýaly ugurlar boýunça bu çärä gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmen tarapyndan foruma Söwda-senagat edarasyndan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden, degişli ministrliklerden hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň halkara ykdysady başlangyçlara yzygiderli gatnaşýandygyny belläp, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän Bütindünýä «EXPO–2025» sergisindäki türkmen pawilýonynyň üstünlikli işini mysal hökmünde görkezdi we türkmen-ýapon işewürlik forumynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan