Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlary özara göni gatnaşyklary ösdürmekçi

Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürler toparlary özara göni gatnaşyklary ösdürmekçi

10.09.25

Türkmenistan bilen Germaniýa iki ýurduň işewürlik toparlarynyň hem-de Söwda-senagat edaralarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine garadylar. Degişli mesele Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky konsuly Myrat Özbekbaýew bilen Reýnland-Pfals federal ýer cäginiň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşyga Reýnland-Pfals federal ýer çäginiň Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy we üzümçiligi ministrliginiň döwlet sekretary Petru Dik-Walter hem-de Reýn-Gessen sebitindäki Söwda-senagat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlediler. Olaryň hatarynda energetika pudagy, himiýa senagaty, oba hojalygy, farmasewtika, biotehnologiýalar, maşyn gurluşygy we ýokary tehnologiýaly önümçilikler bar.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewürlik toparlarynyň arasynda iş saparlarynyň hem-de bilelikdäki işewür çäreleriniň geçirilmegi bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan 9-njy oktýabry aralygynda Gazagystanly kärdeşleri bilen bilelikde “Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy” maksatnamasyna gatnaşarlar.


Источник: Orient