
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri geçiriler
Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy. Wise-premýer bu halkara çäre boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, forumda Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary we dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlarynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy we işewür hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan 50-den gowrak edara-guramalary, kompaniýalary hasaba alyndy.
Wise-premýer Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany wise-premýere söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Ýaýlym çeşmesi: turkmenportal.com