Türkmenistanyň Germaniýanyň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy $700 milliona deň boldy
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň halkara maliýe gatnaşyklary müdirliginiň müdiriniň orunbasary Serdar Ýusupow şu ýylyň 30-31-nji oktaýbrynda aralygynda Frankfurtda geçirilýän "Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri" atly forumda çykyş edip, Türkmenistanyň Germaniýanyň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň umumy möçberiniň takmynan 700 million ABŞ dollaryna barabar bolandygyny aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, "Deutsche Bank", "Commerzbank" we eksport-karz agentligi "Euler Hermes" bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda dokma, gurluşyk, lukmançylyk, nebit-gaz hem-de gazhimiýa pudaklarynda möhüm bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
S.Ýusupowyň aýtmagyna görä, Germaniýanyň maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk strategik we özara peýdaly esasda ösdürilýär. Daşary ykdysady iş banky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle-de maliýe hyzmatlary we maýa goýumlary, resminamalaýyn işewürlik goldawlaryny we söwda maliýeleşdirişi, häzirki zaman sanly tehnologiýalara esaslanýan bank infrastrukturasyny hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmäge taýyndyr.
“Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri” atly forum iki ýurduň işewür düzümleriniň wekillerini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen bir ýere jemledi.
Foruma gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary, gönüden-göni maýa goýumlaryny çekmek, ulag-logistika geçelgelerini we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşýarlar. Çäräniň iş maksatnamasynda “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, sanly özgertmeler we elektron hökümet ulgamyny ösdürmek meselelerine hem aýratyn orun berilýär.
Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan
