
Türkmenistan we AÖB Arkadag şäherini ösdürmek boýunça Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hem-de Aziýanyň ösüş banky (AÖB) şenbe güni Arkadag şäherinde Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama sanly çözgütleri we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak arkaly energetika, suw serişdeleri we şähergurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.
Bu ylalaşyk energiýa we suw tygşytlaýjy çözgütleriň ornaşdyrylmagyny, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösdürilmegini, serişdeleriň gaýtadan ulanylmagyny hem-de gurluşyk taslamalaryň durmuşa geçirilişinde tejribeleriň alşylmagyny göz öňünde tutýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Ähtnamanyň durnukly ösüş we ýokary tehnologiýalar ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek üçin berk binýat boljakdygyna ynam bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň taslamasynyň dowamy hökmünde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary we doganlary üçin okuw merkezini açmak mümkinçiligi barada aýratyn durlup geçildi.
Türkmenistanyň AÖB bilen hyzmatdaşlygy energetika we demir ýol pudaklarynda durmuşa geçirilen taslamalary hem-de $12 milliondan gowrak bahasy bolan tehniki kömekleri bermek işlerini öz içine alýar.