Türkmenbaşy porty ýarym ýylda 4 mln tonnadan gowrak ýük geçirdi

Türkmenbaşy porty ýarym ýylda 4 mln tonnadan gowrak ýük geçirdi

18.08.25

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymýyllygynyň dowamynda 4 mln 209,5 müň tonna ýük geçirdi. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şol möçberiň içinde 2 mln 608 müň tonna gury ýük terminallarynyň paýyna, 1 mln 601,5 müň tonna bolsa nebit we nebit önümleriniň üstaşyr daşalmagyna degişli boldy. 

Ýarymýyllyň jemi boýunça eksport ýükleriň möçberi 2 mln 91,68 müň tonna, import ýükleriň möçberi 620,803 müň tonna, tranzit ýükleri bolsa 569,605 müň tonna deň boldy.

Üstaşyr gatnawlaryň esasy ugurlaryna Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Gruziýa, Özbegistan we Gazagystan girýär.

Logistiki infrastrukturanyň ösdürilmegi, elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy hem-de müşderiler üçin amatly şertleriň döredilmegi Türkmenbaşy portuny Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky halkara üstaşyr geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwürdi.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan