Türkmen telekeçileri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda 120 desgany durmuşa geçirýärler

Türkmen telekeçileri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda 120 desgany durmuşa geçirýärler

02.09.25

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 3 milliard 400 million manada golaý bolan 120 desganyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda geçirilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasynda mälim etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyň bellemegine görä, “akylly” şäheriň birinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 11 milliard 500 million manada golaý bolan 337 sany desga gurlup ulanmaga berildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary jemi bahasy 2 milliard 300 million amerikan dollaryna deň bolan, umumy uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna hem gatnaşýarlar. Häzirki wagtda bu döwrebap ýoluň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.
Birleşme döredilen wagtyndan bäri, onuň agzalary tarapyndan 97 milliard manada, ýagny 28 milliard amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslama üstünlikli durmuşa geçirildi we 425 müňe golaý iş orny döredildi, diýip türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

2008-nji ýylyň mart aýynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigi (TSTB), hususy pudagyň wekillerini birleşdirýän jemgyýetçilik guramasydyr. TSTB öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen bir hatarda, ýurtda telekeçiligiň ösdürilmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 29 müňden gowrak agzasy bar.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan