Türkmen wekiliýeti amerikan hyzmatdaşlary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti amerikan hyzmatdaşlary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

09.11.25

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti amerikan hyzmatdaşlary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. 

Duşuşykda esasy üns syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. Bu barada anna güni “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

Gepleşiklerde maliýe, ykdysadyýet, gurluşyk, senagat, energetika we söwda-senagat palatalarynyň işi ýaly ugurlarda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy milli ykdysadyýeti kämilleşdirmek, döwrebap senagat infrastrukturasyny döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary we halkara tejribelerini ornaşdyrmak ugrunda işiň ileri tutulýandygyny belledi.

Duşuşyklaryň jeminde taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem şol gün Washingtonda «Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» atly işewürlik maslahaty hem geçirildi.

 

Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan